Amerika 11-nji Sentýabra Çenli Owganystandaky Goşunlaryny Çykarmagy Meýilleşdirýär

NATO-nyň beýleki agzalarynyň hem goşunlaryny tapgyrlaýyn görnüşde Owganystandan çykarjakdygy habar berildi

1620779
Amerika 11-nji Sentýabra Çenli Owganystandaky Goşunlaryny Çykarmagy Meýilleşdirýär

Adynyň tutulmagyny islmedik ýokary derejeli amerikaly resmilerden biri bu barasynda žurnalistlere beýannama berdi.

Amerikan döwlet resmisi beren beýannamasynda; “Düýpli gözegçilik tapgyryndan soň Prezident Baýden Owganystandaky goşunlaryň yzyna çekilmegi we netijede ABŞ-nyň Owganystandaky söweşini bes etmegi hakynda karara geldi.

1-nji maýa çenli durnukly yza çekilme tapgyryny başladarys we 11-nji sentýabr hüjüminiň 20-nji ýylyndan öň ABŞ-nyň ýurtdaky ähli goşunlaryny çykarmagy meýilleşdirýäris” diýdi.

Döwlet resmisi ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň şol kararyny şu gün beýan etjekdigini nygtady.

Resmi goşunyň NATO-nyň utgaşdyrmagynda çekiljekdigini hem beýan etdi.

NATO-nyň agzalarynyň harby goşunlaryny şuňa meňzeş tapgyrda yza çekjekdigine ünsi çeken resmi; “Talibana hem ulgama we howpsyz yza çekilme tapgyrynda Amerikan güýçlerine haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda berk gaýtawul beriljekdigini aýtdyk” diýdi.

Döwlet resmisi Owganystanda diňe diplomatik desgalary goramak üçin degişli howpsyzlyk güýçleriniň galjakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar