ÝB Tarapyndan Eýrana Goýlan Sanksiýalaryň Möhledi Uzadyldy

Eýrana goýlan sanksiýalaryň möhledi 2022-nji ýylyň 13-nji apreline çenli uzadyldy

1619953
ÝB Tarapyndan Eýrana Goýlan Sanksiýalaryň Möhledi Uzadyldy

 

ÝB, Eýrana adam hukuklaryny basgylandygy sebäpli 10 ýyldan bäri goýulýan sanksiýalaryň möhledini uzatdy.

ÝB Geňeşi tarapyndan berlen beýannamada, Eýrana goýlan sanksiýalaryň möhlediniň 2022-nji ýylyň 13-nji apreline çenli uzadylmagy hakynda kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Sanksiýalar syýahat gadagançylyklary, emlaklaryň saklanmagy we içerki basyş hökmünde ulanylyp bilinjek enjamlaryň Eýrana satylmagynyň gadagan edilmegini öz içine alýardy.

2011-nji ýylda goýlan sanksiýalaryň möhledi her ýyl uzadylýardy.

ÝB Geňeşi tarapyndan berlen beýannamada sanksiýa sanawyna ýene-de 8 adam bilen 3 guramanyň degişli edilendigi ýatladyldy.

Şeýlelikde sanksiýa goýlan adamlaryň sany 89-a, guramalaryň sany hem 4-e ýetdi.


Etiketkalar: #sanksiýa , #Eýran , #ÝB

Degişli Habarlar