Lawrow Eýrana Saparyny Dowam Etdirýär

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi

1620406
Lawrow Eýrana Saparyny Dowam Etdirýär

Prezident Ruhani kabul edilşikde, ýadro ylalaşygy meselesindäki tutumy we berýän goldawlary üçin Russiýa hakynda öwgüli sözler aýtdy.

“ABŞ we bütindünýä maksimum basyş syýasatynyň netijesizidigi gördi” diýen Ruhani “ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyna dolanyp gelmeginiň ýeke-täk ýoly sanksiýalaryň bes edilmegi” diýdi.

Gatnaşyklaryň we şertleriň 2015-nji ýyldaky kepillendirmere hem-de ylalaşyga dolanmagyny isleýändiklerini aýdan Ruhani; “Taraplar ylalaşygyň dowamynda kabul eden sözlerinde durmaly. Biz ne mundan azyny kabul ederis ne-de artykmajyny almagyň kül-külünde” diýdi.

Lawrow bolsa: “Resmi Moskwanyň garaýyşyna görä ýeke-täk çözgüt ýyly ABŞ-nyň şetsiz we sözün doly manysynda ýadro ylalaşygyna dolanmagy hem-de wadalarynda durmagy” diýdi.

Lawrow Tährana saparynyň dowamynda ilki Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif bilen duşuşypdy.

Duşuşykda Tahran bilen Moskwanyň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmagy ýadro ylalaşygynyň we sanksiýalaryň başda durmagynda sebitleýin hem-de halkara meseleler seljerilipdi.

Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda medeni ugurda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk bilen biologik howpsyzlyk boýunça hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekişilipdi.

 

 



Degişli Habarlar