Eýranda ýadro desgada başdan geçirilen heläkçiligiň arkasynda Mossadyň bardygy öňe sürüldi

Eýranyň Yspyhan welaýatyndaky Natanz ýadro desgasynda düýn başdan geçirilen heläkçiligiň arkasynda Ysraýylyň razwedka gullugy Mossadyň bardygy öňe sürüldi

1619264
Eýranda ýadro desgada başdan geçirilen heläkçiligiň arkasynda Mossadyň bardygy öňe sürüldi

Natanz ýadro desgasynda ilki bilen elektrik paýlaýan torda başdan geçirilen bir näsazlyk hökmünde adamlara beýan edilen, soň bolsa terrorçylykly aksiýadygy habar berilen waka bilen bilen baglanşykly Ysraýylyň döwlet ýaýlym organy KAN tarapyndan öňe sürme orta atyldy. 

KAN-yň razwedka gullugynyň resmilerine esaslanyp beren habarynda, wakanyň arkasynda Mossad gullugynyň bardygy we desgadaky zyýanyň Eýranyň aýan edeninden has uludygy mälim edildi. 

Ady agzalan zyýanyň ýurdyň uran baýlaşdyrmak mümkinçiligine zarba salandygy aýdylýan habarda, wakanyň başdan geçirilen gününiň hem tötänleýin bolmandygy beýan edildi. 

Habarda, Ysraýylyň ministrler kabinetiniň mejlisiniň Eýran bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin 18-nji aprelde ýekşenbe güni jemlenjekdigi we ministrler kabinetiniň mejlisinde Eýranyň ýadro ylalaşygy bilen bagly geçirilýän gepleşikleriň we sebitde Eýran bilen başdan geçirilýän dartgynlygyň ele alynjakdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar