Donbassda separatistleriň guran hüjüminde 1 ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass sebitinde düýn separatist toparlaryň od açmagy netijesinde 1 ukrain esger ýogaldy

1618907
Donbassda separatistleriň guran hüjüminde 1 ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň Ýaragly güýçlerinden berilen beýanatda, separatistleriň düýn 10 gezek ylalaşygyň düzgünini bozandygy mälim edildi. 

Beýanatda Donbass sebitiniň Pişewika, Awdeýewka we Zolotoýe-3 diýilen ýerlerinde separatistleriň guran hüjümleriniň netijesinde Ukrainanyň goşunyndan 1 esgeriň ýogalandygy habar berildi. 

Ukrainanyň Baş ştabynyň Başlygy Ruslan Homçak 30-njy martda mejlisde beren beýanatynda Russiýanyň türgenleşik bahanasy bilen Ukraina serhediniň golaýyna harby güýç üýşürýändigini aýdypdy.

Donbass sebitindäki düşnüşmezlik boýunça Russiýanyň, Ukrainanyň we Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekillerinden emele gelýän Üçtaraplaýyn aragatnaşyk topary 2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda hüjümleriň bes edilmegi hakynda karar kabul edipdi.

Sebitde garaşsyzlygyny yglan edendigini aýdýan we Russiýanyň tarapynda durýan separatistler bilen resmi Kiýewiň arasynda 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 13 müňden gowrak adam ýogaldy.


Etiketkalar: #esger , #Donbass , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar