Blinken, Maas we Le Drian Bilen Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Entoni Blinken, Germaniýanyň we Fransiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1618375
Blinken, Maas we Le Drian Bilen Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas we Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, Döwlet sekretary Blinkeniň, Germaniýanyň we Fransiýanyň Daşary işler ministrleri bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada ýazmaça beýannama berdi.

Praýs beýannamasynda “Döwlet sekretary Blinken bilen Germaniýanyň Daşary işler ministri Maas, basyp alyşlyk astyndaky Krymda we Ukrainanyň gündogaryndaky front liniýasynda Russiýanyň öjükdirmelerine garşy Ukraina goldaw berilmeginiň ähmiýetine we Russiýanyň sebite harby güýç ornaşdyrmagynyň gyssagly bes edilmelidigine ünsi çekdi” diýdi.

Blinkeniň, Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa, iki ministriň, Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine doly goldaw berýändiklerini nygtandygyny bellän Praýs, Russiýanyň harby hereketliliginiň bes edilmegi meselesiniň hem seljerlendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar