Zelenskiý Piç Bilen Duşuşdy

Duşuşykda Donbass meselesi ara alynyp maslahatlaşyldy

1617085
Zelenskiý Piç Bilen Duşuşdy

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý paýtagt Kiýewde saparda bolýan NATO-nyň Harby komitetiniň Başlygy general Stýuart Piç bilen duşuşdy.

Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannama görä Zelenskiý NATO “Russiýanyň möwjeýän agressiýasyna garşy” berýän goldawy üçin sagbolsun aýtdy.

Dekabr aýndan bäri Donbassdaky hüjümleriň artandygyny we şol sebäpli 20-den gowrak esgeriň ölendigini ýatladan Zelenskiý, ýurdunyň 2020-nji ýylyň 27-nji iýulda gazanylan ylalaşygyň berjaý edilmegi üçin yzgiderli çagyryş berendigini nygtady.

NATO-dan berilen beýannama görä Piç bolsa, Alýansyň Zelenskiýnin Ukrainanyň gündogardaky dartgynlygyn parahatçylykly ýollardan çözülmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirýändigi habar berildi.

Russiýany “Donbassdaky ekstremistlere berýän goldawyny bes etmäge we harby güýçlerini yza çekmäge” çagyran Piç; “Ukraina NATO-nyň in ýakyn we esasy hyzmatdaşlaryndan biri” diýdi.



Degişli Habarlar