Koronawirusa Ýoluganlar Psihiki ýa-da Newrologik Taýdan Ýarawsyzlanýar

Täze görnüş koronawirusa ýolugan her 3 adamdan biri psihiki ýa-da newrologik ýarawsyzlyga sezewar bolýar

1616422
Koronawirusa Ýoluganlar Psihiki ýa-da Newrologik Taýdan Ýarawsyzlanýar

ABŞ-dan 236 000 adamda geçirilen barlagyň netijesine görä Kowid-19-a ýoluganlaryň 34 göteriminde hassalanandan soňky alty aýyň dowamynda newrologik ýa-da psihiki näsaglygyň ýüze çykandygy kesgitlendi.

Hassalaryň 17 göteriminde “biynjalyklyk” görülen bolsa, 14 göteriminde “duýgularyň durnuksyzlygy” ýarawsyzlygynyň bardygy anyklandy.

Kowid-19 sebäpli hassahana ýatyrylanlarda bolsa newrologik ýarawsyzlygyň has köpdügi kesgitlendi.

Kowid-19-a ýolugan her 50 adamdan birinde bolsa beýni gan damarlarynda daralma ýa-da dykylma netijesinde gan akyşynyň azalmagy sebäpli “işemiýa ysmazy” ýüze çykdy.

Ylmy barlag “Lanset Psihiatrý” lukmançylyk žurnalynda çap edildi.

 



Degişli Habarlar