Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan Moskwada Saparda Boldy

Nikol Paşinýan Russiýanyň paýtagty Moskwada döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy

1616815
Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan Moskwada Saparda Boldy

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy.

Ermenistanda irki saýlawlara taýarlyk görülýär, beýleki tarapdan wezipesinden çekilmäge taýarlanýan Premýer ministr Nikol Paşinýan Russiýanyň paýtagty Moskwada döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen duşuşygyň gün tertibinde Garabag meselesi esasy orun eýeledi.

Paşinýan duşuşykda, rus parahatçylyk güýjüniň Garabagda öz işini dowam etdirmeginiň sebitiň durnuklylygy we howpsyzlygy taýdan möhümdigini belledi.

Duşuşykda, Ermenistanda golaýlan irki saýlawlar, täze ýadro desgasynyň gurulmagy, iki ýurduň arasyndaky harby-tehniki hyzmatdaşlyk we täze görnüş koronawirusa garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paşinýan, Russiýadan 1 million doza Sputnik W sanjymyny almagy umyt edýändiklerini belledi.

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen Wladimir Putiniň duşuşygynyň öňüsyrasynda Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu hem ermeni kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlip geçiripdi.



Degişli Habarlar