Donbass sebitinde 1 ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass sebitinde düýn separatistleriň od açmagy netijesinde 1 ukrain esger ýogaldy

1617312
Donbass sebitinde 1 ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň Ýaragly güýçlerinden berilen beýanatda, separatistleriň düýn gijäniň dowamynda 5 gezek ylalaşygyň düzgünini bozandygy mälim edildi.  

Beýanatda Donbass sebitiniň Peski we Wodýanoýe diýilen ýerlerinde separatistleriň od açmagy netijesinde Ukrainanyň goşunyndan 1 esgeriň ýogalandygy habar berildi. 

Ukrainanyň Baş ştabynyň Başlygy Ruslan Homçak 30-njy martda Russiýanyň türgenleşik bahanasy bilen Ukraina serhediniň golaýyna harby güýç getirýändigini aýdypdy.

Kreml bolsa birnäçe gezek harby hereketleriň ýurduň serhetleriniň çäginde we Russiýanyň öz islegine laýyklykda amala aşyrylýandygyny beýan edipdi.

Donbass düşnüşmezligi boýunça Russiýanyň, Ukrainanyň we Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekillerinden emele gelýän Üçtaraplaýyn aragatnaşyk topary 2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda hüjümleriň bes edilmegi hakynda karar kabul edipdi.

Sebitde garaşsyzlygyny yglan edendigini aýdýan Russiýanyň tarapynda durýan separatistler bilen resmi Kiýewiň arasynda 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 13 müňden gowrak adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Donbass , #Russiýa , #esger , #Ukraina

Degişli Habarlar