Dünýä derejesinde Kowid-19-a garşy edilen sanjym sany

Dünýä derejesinde Kowid-19-a garşy 658 milliondan gowrak doza sanjym edildi

1615134
Dünýä derejesinde Kowid-19-a garşy edilen sanjym sany

Koronawirus epidemiýasyna garşy edilen sanjymlaryň sany bilen bagly taýarlanan habarnama görä, dünýäniň 151 ýurdunda 658 milliondan gowrak doza sanjym edilendigi we dünýädäki umumy iladyň 4,3 göterimine sanjym edilendigi mälim edildi. 

Türkiýe iň köp doza sanjym etdiren ýurtlaryň hatarynda 7-nji orunda barýar. 

Ýurtlaryň resmi web saýtlaryndan we resmi beýanatlardan epidemiýa bilen bagly maglumatlary analiz eden Bloomberg, dünýä derejesinde paýlanan sanjymlaryň sanyny we edilen sanjym dozalarynyň sanawyny habarnama görnüşde taýarlady. 

Habarnamada dünýäde gündelik sanjym edilýän ortaça görkezijiniň 16,5 million dozadygy mälim edildi. 

Kowid-19 habarnamasyna görä, ýurtlaryň dozalara görä taýarlanan sanawyň başynda ABŞ, Hytaý we Ýewropa Bileleşigi gelýän bolsa, ol ýurtlardan soň Hindistan, Britaniýa, Braziliýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň gelýändigi aýan edildi. 

Ýurtlaryň etdiren sanjym dozalary bilen bagly sanawa görä iň köp doza etdiren ýurtlaryň hatarynda 7-nji ýurt bolan Türkiýede, 16 milliondan gowrak doza bilen ilatyň 10 göterimine sanjym edilendigi beýan edildi. 

Germaniýa, Indoneziýa we Fransiýa bolsa sanawda ilkinji 10-luga girýän ýurtlar boldy. 


Etiketkalar: #koronawirus , #doza , #sanjym

Degişli Habarlar