Mýanma Dartgynly Bolmagynda Galýar

ABŞ Mýanmada ýagdaýyň gün saýyn dartgynlaşýandygy sebäpli diplomatlarynyň bir böleginiň ýurtdan gaýtmaklaryny isledi

1611817
Mýanma Dartgynly Bolmagynda Galýar

 

Mýanmada harby agdarlyşyga we saýlanan hökümetiň agzalarynyň saklanmagyna garşy geçirilýän protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanandygy sebäpli ýogalanlaryň sany 521 adama ýetdi.

Mýanmanyň Syýasy tussaglylara ýardam guramasynyň habarnamasyna görä, soňky 24 sagatda ýene-de 11 adam ýogaldy. Şeýlelikde protest ýörişleriniň başlan gününden bäri ýogalanlaryň sany 521 adama ýetdi.

Habarnama görä, protest ýörişleri sebäpli ýurtda 2 müň 608 adam hem saklandy.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, Mýanmada ýagdaýyň gün saýyn dartgynlaşýandygy sebäpli diplomatlarynyň bir böleginiň ýurtdan gaýtmaklaryny isledi.

Ýaponiýa hem protestçylara garşy aşa güýç ulanylýandygy sebäpli Mýanma berýän kömegiň saklanjakdygyny mälim etdi.

Mýanmanyň goşunlary, 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirlen saýlawlarda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlaryň öňe sürülmegi we ýurtda syýasy dartgynlygyň möwjemegi sebäpli 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçiripdi.

Ýurduň saýlanan liderlerini saklan harby goşun 1 ýyl möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi.

Mýanmalylar 6-njy fewralda harby agdarlyşyga we ýurduň saýlanan liderlerinin saklanmagyna garşy protest ýörişlerini başladypdy.



Degişli Habarlar