“Sanjymyň Tölegini Nebit Bilen Töläp Bileris”

Maduro, sanjymyň töleginiň nebit bilen tölenmegini teklip etdi

1611158
“Sanjymyň Tölegini Nebit Bilen Töläp Bileris”

 

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen sanjymyň tölegini nebit bilen töläp biljekdiklerini aýtdy.

Döwlet telewideniýesyne beýannama beren Maduro, sanjymyň töleginiň nebit bilen tölenmegini teklip etdi.

Maduro “Wenesuelanyň nebit tankerleri bar we biziň nebitimizi satyn aljak ýurtlar hem bar.  Biz sanjymyň tölegini nebit bilen tölemäge taýar” diýdi.

Sanjymlar üçin degişli serişdäniň daşary ýurtlarda Wenesuela degişli saklanan hasaplardan hem töläp biljekdiklerini nygtan Maduro teklipleri kabul edilen halatynda 2,4 million dozalyk sanjym alyp biljekdiklerini belledi.

Wenesuela Hytaýda öndürlen Sinopharm sanjymyndan 500 müň we rus Sputnik sanjymyndan hem 100 müň doza Kovid-19 sanjymyny aldy.



Degişli Habarlar