Nigeriýada Boko Harama Uly Zarba Uruldy

Boko Harama garşy geçirlen operasiýada 48 terrorçy öldürildi

1610496
Nigeriýada Boko Harama Uly Zarba Uruldy

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Harama garşy geçirlen operasiýada 48 terrorçy öldürildi.

Nigeriýanyň ýaragly güýçleriniň metbugat geňeşçisi Muhammed Ýerima, Borno welaýatynda terror guramasy Boko Harama garşy operasiýanyň geçirlendigini mälim etdi.

Ýerima, operasiýada gurama agza 48 terrorçynyň öldürlendigini, köp sanly terrorçynyň bolsa ýaraly ýagdaýda gaçandygyny aýtdy.

Operasiýada Boko Harama tarapyndan zamun alynan 11 adamyň hem halas edilendigi bellenildi.



Degişli Habarlar