BMG, 24 Million Siriýaly Üçin 10 Milliard Dollarlyk Kömek Sorap Çagyryş Etdi

Şol pulyň 4,2 milliard dollarlynyň Siriýanyň içinde, 5,8 milliard dollarynyň bolsa goňşy ýurtlardaky bosgunlar üçin sarp ediljekdigi ýatladyldy

1610297
BMG, 24 Million Siriýaly Üçin 10 Milliard Dollarlyk Kömek Sorap Çagyryş Etdi

 

BMG, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek Siriýa temaly maslahatyň öňüsyrasynda kömege mätäç 24 million siriýaly üçin 10 milliard dollarlyk kömek  sorap çagyryş etdi.

BMG-nyň Ynsanperwer kömek gullugy, BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisarlygy we BMG-nyň Galkynyş maksatnamasy tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada, halkara jemgyýetçiliginiň millionlarça siriýala berýän kömeginiň artdyrylmagy islendi.

Siriýalylaryň açlyga we ýoksullygyna garşy göreşýändigine üns çekilen beýannamada, goňşy ýurtlaryň bolsa her 5 siriýalydan 4-ni kabul edendigi bellenildi.

Beýannamada ýurduň içinde we goňşy ýurtlarda şu ýyl kömege mätäç siriýalylaryň sanynyň 20 milliondan 24 milliona ýetendigi nygtaldy.

Beýannamada 2021-nji ýylda siriýalylar üçin 10 milliard dollarlyk kömegiň berilmegi barada çagyryş berildi. Şol pulyň 4,2 milliard dollarlynyň Siriýanyň içinde, 5,8 milliard dollarynyň bolsa goňşy ýurtlardaky bosgunlar üçin sarp ediljekdigi ýatladyldy.


Etiketkalar: #kömek , #bosgun , #BMG

Degişli Habarlar