Indoneziýadaky buthanalaryň birinde bombaly hüjüm guraldy
Indoneziýanyň Günorta Sulawesi ştatynyň paýtagty Makassar şäherindäki buthanada bombaly hüjüm guraldy
Günorta Sulawesi ştatynyň Howpsuzlyk gullugynyň Jemgyýetçilik gatnaşyklar bölüminiň resmisi E Zulpan, wakanyň ilkinji kesgitlemelere görä kamikaze hüjümidigini beýan etdi.
Makssar şäheriniň häkimi Muhammed Ramadahan Pomanto, buthananyň nyşana alynyp guralan hüjümde ýekşenbe günündäki dini çäre üçin gelen adamlarynyň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny mälim etdi.
Halka sosial mediada resmi çeşmelere esaslanmadyk maglumatlara gulak asmazlyklary we asuda galmaklary barada çagyryş beren Pomanto, sebitde howpsuzlyk çäreleriniň artdyrylandygyny we waka bilen baglanşykly derňew işiniň dowam etdirilýändigini habar berdi.
Howpsuzlyk gullugynyň resmileri, partlamanyň bolan ýerinde tapylan jesediň bölekleriniň hüjümçämi ýa-da başga bir adamamy degişlidigini anyklamak üçin derňew işiniň dowam etdirilýändigini beýan etdiler.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.