Hindistan, Oxford-AstraZeneca Sanjymynyň Eksport Edilmegini Gadagan Etdi
Ýolbaşçylar, wirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli sanjymyň ýurduň içinde ulanyljakdygyny mälim etdi.
Hindistan, ýurtda täze görnüş koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň gün saýyn artýandygy sebäpli Oxford-AstraZeneca sanjymynyň eksportyň wagtlaýyn saklanmagy barada karar kabul etdi.
BBC-niň berýän habaryna görä, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, ýurtda Kocid-19-a ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli Hindistanyň Serum instituty tarapyndan öndürlen Oxford-AstraZeneca sanjymynyň eksport edilmeginiň wagtlaýyn saklanandygyny habar berdi.
Ýolbaşçylar, wirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli sanjymyň ýurduň içinde ulanyljakdygyny mälim etdi.
Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi soňky 24 sagatda wirusa ýoluganlaryň sanynyň 47 müň 262 adam artandygyny habar berdi.
Degişli Habarlar
Ysraýyl Bilen Hizbullahyň Arasyndaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
Ysraýyl, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Hiýam etrapçasyna hüjüm gurady.