“ABŞ Bilen ÝB Birnäçe Ýurduň Içerki Işlerine Goşulyşýar”

Leonid Slutskiý, ABŞ-nyň we ÝB-niň birnäçe ýurduň içerki işlerine goşulyşýandygyny aýtdy

1608483
“ABŞ Bilen ÝB Birnäçe Ýurduň Içerki Işlerine Goşulyşýar”

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Leonid Slutskiý, ABŞ-nyň we ÝB-niň birnäçe ýurduň içerki işlerine goşulyşýandygyny aýtdy.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopyň ýolbşaçylyk etmeginde Antalýada geçirilýän “Terrorizme garşy göreş we sebitleýin arabaglanşygyň güýçlendirilmegi” boýunça Parlamentleriň başlyklarynyň 4-nji maslahatyna onlaýn ýagdaýda gatnaşan Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Daşary işler komissiýasynyň başlygy Leonid Slutskiý,  ABŞ bilen ÝB-ni geosyýasy bäsdeşler hökmünde häsiýetlendirdi.

Leonid Slutskiý, ABŞ bilen ÝB-niň bir taraply ýagdaýda sanksiýa goýmaga dowam edýändigini belledi.

Leonid Slutskiý “Maslahata gatnaşýan ähli ýurtlaryň, dürli bahanalar bilen içerki işlerine goşulşyldy we olar goşulyşmaga hem dowam eder. “Ýalňyş ýarag alýarsyňyz, ýalňyş ýurtlara nebit satýarsyňyz” diýlen ýaly dürli bahanalary öňe sürýärler we şeýlelikde olaryň içerki işlerine goşulyşýarlar” diýdi.

Owganystan Halk Mejlisiniň başlygy Mir Rahman Rahmani hem maslahata gatnaşýan ýurtlara terrorizme garşy göreşmekleri üçin çagyryş berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Halk kongresinin hemişelik komitetiniň başlygy Li Zhanshu bolsa “Howpsyzlyk meselesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi diýseň möhüm” diýip belledi.



Degişli Habarlar