Nigeriýada Boko Haram terror guramasyna agza 57 terrorçy öldürildi

Nigeriýada terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüz müňlerçe adam başga ýerlere göçmäge mejbur galdy

1607268
Nigeriýada Boko Haram terror guramasyna agza 57 terrorçy öldürildi

Günbatar Afrikada ýerleşýän Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda terror guramasy Boko Harama garşy geçirilen operasiýalarda guramanyň 57 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Adynyň aýan edilmegini islemeýän harby ýolbaşçylaryň biri ýerli metbugata beren beýanatynda, ýurdyň goşunynyň Borno welaýatynyň Damboa we Gwoza sebitlerinde Boko Harama garşy operasiýa geçirendigini mälim etdi. 

Harby ýolbaşçy operasiýanyň netijesinde Boko Harama agza 57 terrorçynyň öldürilendigini, köp sanda terrorçynyň ýaraly ýagdaýda gaçandygyny aýan etdi. 

Nigeriýada terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýylda bäri guran köpçülikleýin terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy. 

Terror guramasy 2015-nji ýyldan bäri bolsa goňşy ýurtlar bolan Kamerun, Çad we Niger döwletlerinde hem terrorçylykly hüjümler guraýar. 

Nigeriýada terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüz müňlerçe adam başga ýerlere göçmäge mejbur galdy. 



Degişli Habarlar