Ýeterlik Mukdarda Suw Içmeýänler Derman Içýärler

Ýeterlik mukdarda suw içmeýän adamlaryň köpüsi, suwsuzlyk sebäpli bedende ýüze çykan simptomlary derman içmek bilen gidirmäge synanşýarlar

1605987
Ýeterlik Mukdarda Suw Içmeýänler Derman Içýärler

ABŞ-da suw içme endigi boýunça geçirilen ylmy barlag, geň galdyryjy netijeleri ýüze çykardy.

Bedenimiziň 2/3 bölegi suwdan ybarat. Sagdyn bolmak üçin ýeterlik suw mukdarda suw içmek iňňän möhüm. Bu ylmy hakykat bilinýän hem bolsa, adamlaryň köpüsi ony berjaý etmeýär.

Ylmy-barlagyň geň galdyryjy netijelerinden biri, suwsuzlygyn simptomlaryndan bolan kelle agyry, ýadawlyk, baş aýlanmasy ýaly näsaglyklaryň adamlaryň köpüsi tarapyndan suw içmegiň ýerine dermanlar bilen gidirilmäge synanşmagy boldy.

Ylmy barlagda 2 müň adamyň suw içme endigi analiz edildi.

Ylmy barlag, gatnaşyjylaryň 2/3 böleginiň suwsuzlyk sebäpli ýüze çykan näsaglyklary gidirmek üçin derman almaga ýönelýändigini ýüze çykardy.

Ylmy barlag esasy köplügiň bir günde içilmeli suw mukdarynyň ýarysyny hem içmeýändigini görkezdi.

Bilermenler az suw içmegiň köp sanly hassalyga sebäp bolýandygyny duýdurýarlar.

 

 



Degişli Habarlar