Katar Bilen Hytaý 10 Ýyllyk Şertnama Baglaşdy

Katar, 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Hytaýa suwgaldylan gaz eksport etmäge başlapdy

1606248
Katar Bilen Hytaý 10 Ýyllyk Şertnama Baglaşdy

 

Katar, Hytaý bilen ýylda 2 million tonna suwgaldylan tebigy gazyň satuwy üçin 10 ýyllyk şertnama baglaşdy.

 Katar Petroleum firmasy tarapyndan berlen beýannamada, Hytaýyň Sinopec firmasy bilen suwgaldylan gaz şertnamasynyň baglaşylandygy nygtaldy.

Beýannamada wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen gol çekişlik dabarasyna Kataryň Energetika işlerinden jogapkär döwlet ministri we Katar Petroleum firmasynyň ýolbaşçysy Şerida Al Kaabi bilen Hytaýyň Sinopec firmasynyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Zhang Ýuzhuonyň gatnaşandygy ýatladyldy.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda güýje girjek 10 ýyllyk şertnama laýyklykda Hytaý, Katardan ýylda 2 million tonna suwgaldylan tebigy gaz alar.

Katar, 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda Hytaýa suwgaldylan gaz eksport etmäge başlapdy.



Degişli Habarlar