Ýaponiýadaky ýer titremede 9 adam ýaralandy

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Miýagi welaýatynyň suw giňişliginiň çäginde 20-nji martda bolan 6,9 bal ululygyndaky ýer titremede ýaralananlaryň sany 9 adama ýetdi

1605796
Ýaponiýadaky ýer titremede 9 adam ýaralandy

Döwlet ýaýlym organy NHK-nyň beren habaryna görä, 20-nji martda şenbe güni ýurdyň Tohoku sebitiniň Miýagi welaýatynyň suw giňişliginiň çäginde emele gelen ýer titremesinde 9 adam ýaralandy. 

Ýurdyň gündogarynda we demirgazyk gündogarynda ýerleşýän atom elektrik beketlerinde häzirki wagta çenli kadadan daşary hiç hili hadysa başdan geçirilmedi. 

Miýagi welaýatynyň Oşika ýarymadasynyň 20 km alysynda ýerli wagt bilen sagat 18:09-da, ýeriň 60 km aşagynda ýer titreme bolupdy. 

Ýer titreme Tohoku sebitiniň Aomori, Iwate, Fukusima, Akita, Yamagata bilen ýurdyň paýtagty Tokio şäherinde we onuň töwereginde duýulypdy. 

Ýer titremeden soň berilen sunami duýduryşy, birnäçe wagt soň aýrylypdy. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar