Paşinýan, Baş ştabyň başlygy wezipesine Dawatýanyň bellenendigini mälim etdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, birnäçe wagt ozal Baş ştabyň başlygy wezipesine teklip eden Artak Dawatýanyň şol wezipä bellenendigini habar berdi

1606072
Paşinýan, Baş ştabyň başlygy wezipesine Dawatýanyň bellenendigini mälim etdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan sosial media hasabyndan, Ermenistanyň goşunynyň duýduryş bermeginden soň wezipesinden çetleşdiren ýurdyň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparýanyň ýerine bellän Artak Dawatýan bilen baglanşykly beýanat berdi.  

Gasparýanyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň başdan geçirilen hadysalaryň hronologiýasynyň hem üstünde durup geçen Paşinýan: "Artak Dawatýan, kanuna laýyklykda Baş ştabyň başlygy wezipesine bellendi" diýip mälim etdi. 

10-njy martda Artak Dawatýanyň Baş ştabyň balygy wezipesine bellenmegi bilen bagly teklibi Prezident Armen Sarkisýana ugradandygyny aýdan Paşinýan, bir gün soň Sarkisýandan ady agzalan kararyň yzyna gelendigini, emma yzyna ugradylan resminamany almandygyny beýan etdi. 

Paşinýan, Prezident Sarkisýanyň Dawatýanyň wezipä bellenmegi bilen bagly karara gol çekmezligi sebäpli, kanuna laýyklykda birnäçe gün soň karar kabul edilen hökmünde hasap edilýändigini, 22-nji martdan başlap bolsa Dawatýanyň Baş ştabyň başlygy wezipesine bellenen hökmünde hasap ediljekdigini aýan etdi. 

Artak Dawatýan 2018-2020-nji ýyllar aralygynda Ermenistanyň Baş ştabynyň başlygy wezipesinde işläpdi. 



Degişli Habarlar