Ermenistan 20-nji Iýunda Möhletinden Irki Parlament Saýlawlaryny Geçirer

Nikol Paşinýan 20-nji iýunda möhletinden irki parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini beýan etdi

1604004
Ermenistan 20-nji Iýunda Möhletinden Irki Parlament Saýlawlaryny Geçirer

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan 20-nji iýunda möhletinden irki parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini beýan etdi

Paşinýan sosial media platformasy “Fajebookdan” beren ýazmaça beýannamasynda, şu gün oppozisiýadaky Eşretli Ermenistan partiýasynyň lideri Gagik Sarukýan bilen duşuşandygyny mälim etdi.

Duşuşykda ýurtda dowam edýän syýasy ýagdaýyň çözülmeginiň iň amatly ýolunyň möhletinden irki saýlawdygynyň beýan edilendigini nygtan Paşinýan; “Prezident Armen Sarlisýan, Meniň ädimim partiýasy we Ýagty Ermenistan partiýasy bilen geçirilen geňeşmeleri hem göz öňünde tutanymyzda Ermenistanda möhletinden irki parlament saýlawlary 20-nji iýunda geçiriler” diýdi.

Ermenisanyň Baş ştabynyň Başlygy Onik Gasparýan we ýokary çinli serkerdeler 25-nji fewralda Premýer-ministr Paşinýany wezipeden çekilmäge çagyryp, Paşinýana duýduryş beripdi.

Paşinýan, Baş ştabyň Başlygy Gasparýany wezipeden boşandandygyny beýan edipdi.

Oppozisiýanyň tarapynda duran Prezident Sarkisýan, Gasparýanyň wezipeden boşadylmagy hakyndaky karary tassyklamandy.

Paşinýan goşunbaşylaryň özüni wezipeden çekilmäge çagyrmagyny “agdarlyşyk synanşygy” hökmünde häsýetlendiripdi.



Degişli Habarlar