ABŞ Bilen Russiýanyň Arasyndaky Dartgynlyk Dowam Edýär

Amerikan hökümeti Putin ýaly oňyn ýüzlenmeler bermedi.

1604369
ABŞ Bilen Russiýanyň Arasyndaky Dartgynlyk Dowam Edýär

Ak Tam, Prezident Jo Baýdeniň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hakynda aýdan “ganhor” sözi sebäpli puşman däldigini beýan eden bolsa, Putin Baýden bilen gepleşik geçirmäge taýardygyny aýtdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin “Rossiýa 24” telaýaýlymyna beren beýannamasynda, soňky gezek Baýdeniň başlangyjy boýunça telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendiklerini ýatladyp; “Onlaýn ulgam arkaly göni ýaýlymda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen gepleşiklerimizi dowam etdirmegi teklip edýärin. Gaýra goýman, gönüden, aç-açan, göni gepleşik. Meniň pikirimçe rus halky, amerikan halky we beýleki ençeme ýurt üçin gyzykly bolar” diýdi.

Putin: “Amerikan tarapy üçin amatly bolan haýsydyr bir wagt üçin biz taýar. Şu wagt Prezidentiň Diwanyna görkezme berýärin” diýdi.

Amerikan hökümeti bolsa Putin ýaly oňyn ýüzlenmeler bermedi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Jen Psaka gündelik metbugat ýygnagynda Jo Baýdeniň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hakynda aýdan “ganhor” sözi sebäpli puşman bolup, bolmandygy soraldy. Sekretar soraga: “Ýok. Prezident, gönüden soralan soraga gönüden jogap berdi” diýip, jogap berdi.

Psaki, Baýdeniň beýanatyndan soň Russiýanyň ABŞ-daky İlçisini Moskwa çagyrandygy ýatladylanda bolsa: “Biziň Moskwadaky İlçimiz wezipesiniň başynda. Sebitde ruslar bilen gatnaşygy dowam etdirer. Biz ilkinji nobatda diplomatiýa ynanmaga dowam ederis. Duşmanlarymyz bilen ähli gatnaşyklarymzy dowam etdireris” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden öňňin beren beýannamasynda “ganhor” häsýetlendirilen Wladimir Putiniň 2020-nji ýyldaky saýlawlara goşulyşandygy üçin Moskwa jerimesini çekmeli bolar” diýipdi.


Etiketkalar: #dartgynlyk , #Russiýa , #ABŞ , #ganhor

Degişli Habarlar