Ak Tam: "Russiýadan edenleriniň hasabyny sorarys" diýdi

ABŞ-da Ak Tamyň metbugat sekretary Jennifer Psaki, Ak Tamda geçirilen metbugat ýygnagynda beýanat berdi

1603573
Ak Tam: "Russiýadan edenleriniň hasabyny sorarys" diýdi

ABŞ-da Ak Tamyň metbugat sekretary Jennifer Psaki, Russiýa bilen gatnaşyklaryň ýurdyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygy zamanyndakydan tapawutly boljakdygyny belläp: "Russiýadan edenleriniň hasaby çürt-kesik soralar" diýdi.

ABŞ-da Ak Tamyň metbugat sekretary Jennifer Psaki, Ak Tamda geçirilen metbugat ýygnagynda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin barada "Ganhor" diýmeginden soň Russiýanyň Waşington şäherindäki ilçisini Moskwa yzyna çagyrmagy bilen bagly beýanat berdi. 

Başdan geçirilen hadysalardan habardardygyny aýdan Psaki: "Biziň hökümetimiz, Russiýa garşy Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetden tapawutly pozisiýa eýelär. Russiýa bilen gatnaşyklarymyzda alada edýän ugurlarymyzda gönümel bolarys" diýip belledi. 

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi bilen bagly razwedka gullugynyň habarnama çap edendiklerini aýdan Psaki: "Emma şol bir wagtda umumy işläp biljegimiz ugurlaryň bardygyny pikir edýäris. New Start ylalaşygy şoňa mysal bolup biler, ýadro ýaragsyzlanma şoňa mysal bolup biler" diýip habar berdi. 

Tankydy meseleler boýunça Russiýa garşy çürt-kesik boljakdyklaryny aýdan Psaki: "Russiýadan edenleriniň hasaby çürt-kesik soralar" diýdi.

Jo Baýdeniň, Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, ABŞ-nyň Russiýanyň erbet niýetli aksiýalaryna jogap berjekdigini aýdandygyny bellän Psaki: "Kongres we beýlekiler şuňa göz ýetirmeli: Russiýa ýaly bizi bölmäge synanyşýan duşmanlarymyza garşy strategiýamyz, olaryň taktikalaryny aýan etmek bolar. Dünýäde şony bilýär" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar