Nigeriýada Boko Harama Agza 41 Terrorçy Öldürildi

Operasiýalarda gurama tarapyndan zamun alynan 60 zenan bilen çaga halas edildi

1602149
Nigeriýada Boko Harama Agza 41 Terrorçy Öldürildi

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Harama garşy guralan operasiýalarda 41 terrorçy öldürildi, köp sanly terrorçy hem tussag edildi.

Nigeriýanyň harby goşunynyň metbugat geňeşçisi Muhammed Ýerima, Borno welaýatynda terror guramasy Boko Harama garşy operasiýalaryň gulandygyny habar berid.

Operasiýalarda 41 terrorçynyň öldürlendigini, köp sanly terrorçynyň saklanandygyny aýdan Ýerima, terrorçylara degişli köp sanly ýaragyň hem ele geçirlendigini belledi.

Ýerima operasiýalarda gurama tarapyndan zamun alynan 60 zenan bilen çaganyň halas edilendigini nygtady.

Terror guramasy Boko Harama garşy guralan operasiýalarda 4 esgeriň ýogalandygy, köp sanly esgeriň hem ýaralanandygy bellenildi.



Degişli Habarlar