Liwiýanyň Milli Ylalaşyk Hökümeti Wekiller Mejlisinde Kasam Etdi

Mejlisde geçirlen oturlyşyga 100-den gorak halk deputaty gatnaşdy

1601746
Liwiýanyň Milli Ylalaşyk Hökümeti Wekiller Mejlisinde Kasam Etdi

 

Abdulhamid Dibeýbeniň ýolbaşçylygynda gurlan Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümeti, Tobruk şäherindäki Wekiller Mejlisinde kasam etdi.

Mejlisiň agzasy Muhammed Er-Raid, Anadoly Habarlar gullugyna beren beýannamasynda, Mejlisde geçirlen oturlyşyga 100-den gorak halk deputatynyň gatnaşandygyny aýtdy.

Raid, täze hökümetiň Tobrukdan öň Tripolidäki Ýokary Kazyýetde hem kasam edendigini aýtdy.

Premýer ministri Dibeýbeniň ýolbaşçylygyndaky Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümeti 10-njy martda Sirte şäherinde geçirlen Wekiller Mejlisinden ynam sesini alypdy.

Wekiller Mejlisinde geçirlen sese goýulşykda 132 halk deputaty “kabul” sesini beripdi, 1 halk deputaty bolsa ses bermekden saklanypdy.

 



Degişli Habarlar