Saud Arabystanynda Galplyk Sebäpli 5 Ministr Saklandy

Wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlar hakynda 757 kazyýet işi gozgaldy.

1601151
Saud Arabystanynda Galplyk Sebäpli 5 Ministr Saklandy

Saud Arabystanynda Galplyk Sebäpli 5 Ministr Saklandy

Saud Arabystanynda galplyga garşy gozgalan kazyýet işinde 5 ministr bilen birlikde 241 adam saklandy.

Saud Arabystanynyň Galplyga garşy göreş edarasyndan berlen ýazmaça beýannama görä, galplyk edenler, para alanlar we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlar hakynda 757 kazyýet işi gozgaldy.

Kazyýet işiniň çäginde 5 ministr bilen birlikde 241 adam saklandy.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz 2018-nji ýylda galplyga garşy göreş üçin derňew işi geçirjek ýörite edaralaryň açylmagyny barada görkezme beripdi.



Degişli Habarlar