Germaniýada syýasy jenaýatlar rekord derejede artdy

Germaniýada syýasy motiw bilen edilen jenaýatlar rekord derejede artyş hasaba alyndy

1601014
Germaniýada syýasy jenaýatlar rekord derejede artdy

Geçen ýyl bellige alynan 44 müňden gowrak jenaýatyň aglaba bölegi aşa sagjylar tarapyndan edildi. 

Germaniýanyň Içeri işler ministrliginiň berýän habaryna görä, syýasy motiw bilen edilen jenaýatlaryň hasaba alynyp başlan ýyly bolan 2001-nji ýyldan bäri şu ýylyň görkezijileri iň ýokary derejä ýetdi. 

Şoňa laýyklykda 2020-nji ýylda 44 müň 34 sany syýasy motiw bilen jenaýat edildi. Şolaryň 3 müň 354-si zorluk bilen edilen jenaýat hökmünde hasaba alyndy. 

44 müň 34 jenaýatyň 23 müň 400-i aşa sagjylar, 11 müňi bolsa çep toparlar tarapyndan edildi. 8 müň jenaýatyň kim tarapyndan edilendigi bolsa anyklanmady. 

Ministrlik öňümizdäki günlerde maglumatlara käbir düzedişleriň giriziljekdigini, şol sebäpli sanyň artyp biljekdigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #jenaýat , #Germaniýa

Degişli Habarlar