Owganystanda Howpsyzlyk Güýçleri Nyşana Alyndy

Polis merkezine bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 8 adam ýogaldy

1600496
Owganystanda Howpsyzlyk Güýçleri Nyşana Alyndy

Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän Gerat welaýatynda polis merkezine bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 8 adam ýogaldy, 53 adam ýaralandy.

Welaýat häkimi Saýed Wahid Katali, bomba ýüklenen ulag bilen Gerat welaýatynyň Genç etrabyndaky polis merkeziniň nyşana alynandygyny aýtdy.

Hüjümde asuda ilat bilen birlikde 8 adam ýogaldy, 6-sy agyr 53 adam hem ýaralandy.

Partlama sebäpli golaýdaky öýlere zeper ýetirildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady, emma hüjümiň Taliban tarapyndan guralandygy öňe sürülýär.



Degişli Habarlar