ABŞ, Türkiýäniň ÝB Derejesinde Edýän Tagallasyna Goldaw Berýär

“Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde ÝB derejesinde edýän tagallasyna goldaw berýäris"

1599054
ABŞ, Türkiýäniň ÝB Derejesinde Edýän Tagallasyna Goldaw Berýär

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin soňky döwürde ÝB derejesinde edýän tagallasyna goldaw berýändiklerini aýtdy.

Blinken, Wekiller palatasynyň daşarky gatnaşyklar komitetinde geçirlen Gündogar Ortaýer deňizi temaly oturlyşyga gatnaşdy.

Soňky hepdelerde Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde oňyn wakalaryň başdan geçirilýändigini ýatladan Blinken, “Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki kynçylyklaryň çözülmegi üçin soňky döwürde ÝB derejesinde edýän tagallasyna goldaw berýäris we şuňa meňzeş tagallalara ýardam bermäge dowam ederis” diýdi.

Blinken “ABŞ, Gündogar Ortaýer deňizinde durnuklylygyň ýola goýulmagy we ähli taraplaryň özygtyýarlygynyň we territorial bitewiliginiň goralmagy meselesinde ünsli çemeleşýär. Sebitde ýüze çykan düşnüşmezlikler harby taýdan däl eýsem parahatçylykly ýagdaýda diplomatiýa arkaly çözülip bilner” diýip belledi.



Degişli Habarlar