Ýaponiýa, Arakanly Musulmanlara 19 Million Dollarlyk Kömek Berer

Arakandaky basyşdan we zulumdan gaçyp Bangladeşe gelen migrantlaryň sany 900 müňe çenli baryp ýetdi

1597633
Ýaponiýa, Arakanly Musulmanlara 19 Million Dollarlyk Kömek Berer

Ýaponiýa, Arakanly musulman bosgunlara 19 million dollarlyk gyssagly maliýe kömegini berer.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Mýanmanyň Arakan welaýatyndaky basyşlardan we zulumdan gaçan Arakanly musulmanlara maliýe kömegi berler.

Şol çäkde Ýaponiýa Arakanly musulmanlara 19 million dollarlyk gyssagly kömek berer.

19 million dollaryň bir bölegi Mýanmadaky we Bangladeşdäki 58 hassahana we saglygy goraýyş guramasyna lukmançylyk enjamynyň alynmagy üçin sapr ediler.

 Iki ýurtdaky 600 müň adama hem azyk kömegi berler.

BMG-na görä, 2017-nji ýylyň awgust aýyndan soň Arakandaky basyşdan we zulumdan gaçyp Bangladeşe gelen migrantlaryň sany 900 müňe çenli baryp ýetdi.


Etiketkalar: #Arakan , #kömek , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar