Pentagon Türkiýä Duýgudaşlyk Bildirdi

“NATO agza hyzmatdaşymyz Türkiýede ýogalan harbylar üçin duýgudaşlyk bildirýäris we ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris”

1597507
Pentagon Türkiýä Duýgudaşlyk Bildirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, geçen hepde Bitlis welaýatynda harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli ýogalan türk esgerler üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Jon Kirby, Twitterden beren habarnamasynda, Pentagonyň geçen hepde bolan dikuçar heläçiliginde ýogalanlara uly gynanç bildirýändigini aýtdy.

Kirby habarnamasynda “NATO agza hyzmatdaşymyz Türkiýede ýogalan harbylar üçin duýgudaşlyk bildirýäris we ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýdi.

4-nji martda Bingöl welaýatyndan uçan harby dikuçar uçandan gysga wagt soň howa şertleri sebäpli heläkçilige uçrapdy.

Heläkçilikde dikuçardaky 11 esger şehit bolupdy, 2 esger ýaralanypdy.



Degişli Habarlar