Ekwatorial Gwineýa döwletinde partlamalar boldy
Afrika materiginde ýerleşýän Ekwatorial Gwineýa döwletiniň Bata şäherinde bolan partlamalarda ilkinji kesgitlemelere görä 17 adam ýogaldy, 420 adam ýaralandy

Ýurdyň ykdysady paýtagty bolan Bata şäherinde düýn 4 aýry uly partlama boldy.
Ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Guinea Salud, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, düýn Nkoa Ntoma harby bazasynda bolan partlamalarda häzirki wagta çenli 17 adamyň ýogalandygyny 420 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Harby ammarda bolan partlamanyň täsiri bilen, harby bazanyň golaýynda ýerleşýän ençeme öýüň ýumrulandygy we ençeme adamyň harabalyklaryň aşagynda galandygy habar berildi.
Ýogalan we ýaralanan adamlaryň artmagyna alada bildirilýär.
Rugsatda bolan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň iş alyp barýan hassahanalaryna gitmekleri barada çagyryş beren Salud, raýatlaryň hem gyssagly ýagdaýda gan tabşyrmaklaryny isledi.
Ýurdyň Prezidenti Teodoro Obiang Nguema bolsa TVGE atly döwlet telewideniýasine beren beýanatynda, wakanyň dinamit we ok-däri ammaryndan jogapkär toparyň geleňsizliginden bolandygyny aýan etdi.