ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň Bab etrabyna guran hüjüminde 1 adam ýaralandy
Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astynda bolan Tel Ryfat şäherinden Siriýanyň demirgazygyndaky Bab etrabyna minomýot bilen guran hüjüminde 1 adam ýaralandy
Terror guramasy ÝPG/PKK, Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Bab etrabynyň Hazwan we Süsýan obalaryna, gözegçiligi astyndaky Tel Ryfat sebitinden hüjüm gurady.
Asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine minomýotlar bilen 9 aýry gezek guralan hüjümde asuda ilatdan 1 adam ýaralandy.
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri terrorçylaryň hüjüm guran ýerine garşylyk görkezip, gaubisalar bilen hüjüm gurady.
Zeýtun Şahajygy operasiýasy bilen Afrin etrabyndan çykarylan ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, etrabyň günorta-gündogaryndaky Tel Ryfat sebitinde basyp alyşlygyny dowam etdirýär.
Şol sebiti gözegçiliginde saklaýan terror guramasy Siriýanyň Milli goşunynyň gözegçiligi astyndaky ýaşaýyş ýerlerine ýygy-ýygydan hüjüm guraýar.
Russiýa, Türkiýe bilen Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy geçirilýän mahaly gazanylan ylalaşyga laýyklykda terror guramasyny Tel Ryfatdan çykartjakdygy barada söz beripdi.
Degişli Habarlar
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Sil we ýyldyrym çakmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 63 adama ýetdi.