Jarablus we Bab Etraplary Nyşana Alyndy

Balistiki roketa hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 28 adam ýaralandy

1596100
Jarablus we Bab Etraplary Nyşana Alyndy

 

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Jarablus we Bab etraplarynda guralan balistiki roketa hüjüminde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 28 adam ýaralandy.

Türkiýe serhedinde ýerleşýän Jarablus etrabynyň Hamran we Bab etrabynyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Terhin etrapçasy düýn agşamara balistiki roketalar bilen nyşana alyndy.

Hüjümlerde asuda ilatdan 3 adam ýogaldy, 28 adam ýaralandy.

Balistiki roketalaryň kim tarapyndan atylandygy heniz anyklanyp bilinmedi.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Ýogalanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Terhin etrapçasyna 9-njy fewralda guralan roketa hüjüminde 2 adam ýogalypdy, 6 adam hm ýaralanypdy.

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bab we Jarablus etraplary “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen terrordan saplanan zolakda ýerleşýär.



Degişli Habarlar