Peskow: “ABŞ-nyň Russiýany Günäkärlemesi Ýerliksiz”

ABŞ Russiýany himiki ýaraga eýe bolmakda günäkärleýär

1595916
Peskow: “ABŞ-nyň Russiýany Günäkärlemesi Ýerliksiz”

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Russiýa hakyndaky “himiki ýarag” günäkärlemesiniň” esassyz” we asylsyzdygyny” aýtdy.

Peskow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda ABŞ-nyň Russiýany himiki ýaraga eýe bolmakda günäkärleýän beýannamasy hakda garaýyş beýan etdi.

“Waşington Russiýany himiki ýaraga eýe bolmakda esassyz we asylsyz günäkärleýär” diýen Peskow, Russiýanyň himiki ýarag ätiýajyny ýok edendigini öňe sürdi.

Peskow: “Russiýanyň Himikiýa ýaraglar hakyndaky şertnamanyň borçlaryna laýyklykda himiki ýarag önümçiligi bilen bagly ähli maksatnamalar bes edildi” diýdi.

Dmitriý Peskow ABŞ bilen Britaniýanyň rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyýnyň himiki madda bilen zäherlenendigi sebäpli Russiýa goşmaça sanksiýa goýjakdygy hakyndaky habarlar barasynda bolsa: “Russiýa ona düşünýär we üns berýär. Ýurdumyz raýatlarymyzyň we kärhanalarymyzyň bähbitlerini goramak üçin ähli ugurlar boýunça işleýär” diýdi.



Degişli Habarlar