Papa Fransis Yraga Bardy
Papanyň Yraga sapary hem dini hem-de syýasy taýdan möhüm ähmiýete eýe
Katoliklerin ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisiň 4 günlük taryhy sapar bilen Yraga bardy.
Ýurtdaky hristiýanlar bilen arkalaşyk etmek hakynda ýüzlenme berjek Papa beýleki dini we etniki gatlaklaryň wekilleri bilen hem duşuşyklar geçirer.
Papa Fransis 4 günlük saparynyň dowamynda şu gün we ertir Bagdatda, Najafda we Sikarda, ýekşenbe güni bolsa Erbilde hem-de Mosulda duşuşyklar geçirer.
Papa saparynyň çäginde şaýylaryň dini lideri Ali as-Sistani bilen hem duşuşar.
Sapara çykmazdan ozal wideo ýüzlenme beren Papa sözlerine “Essalawmalekim” diýip başlap: “Uzak ýyllar dowam eden söweşden we terrorizmden soň taňrydan bagyşlamagyny we ylalaşygy üpjün etmegini dilemek üçin gelýärin” diýdipdi.
Türkiýäniň Watikandaky İlçisi Lütfüllah Göktaş Papa Fransisgiň sapary hakynda TRT-ä beren interwýusynda, Papanyň daşary ýurt saparlarynyň bes edilendigine garamazdan Yraga gitmek isländigine ünsi çekdi.
Degişli Habarlar

Baýden Bilen Merkel Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy
ABŞ bilen Germaniýa Ukrainanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine goldaw berýär