Owganystanda Harsaň Sebäpli 14 Adam Ýogaldy

Tebigy apatda 4 adam hem ýaralandy

1595660
Owganystanda Harsaň Sebäpli 14 Adam Ýogaldy

 

Owganystanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Badahşan welaýatynda harsaň sebäpli 14 adam ýogaldy.

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Nik Muhammed Nazari, Badahşan welaýatynyň Ragistan etrabynda harsaň sebäpli 14 adamyň ýogalandygyny aýtdy.

Tebigy apatda 4 adamyň hem ýaralanandygyny aýdan Nazari, harsaňyň aşagynda başga adamlaryň hem bolup biljekdigi sebäpli gözleg işleriniň dowam edýändigini nygtady.



Degişli Habarlar