Mýanmada Protest Ýörişleri Dowam Edýär

On müňlerçe adam harby agdarlyşyga garşy şygarlar aýtdy we howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagyny näletledi

1595806
Mýanmada Protest Ýörişleri Dowam Edýär

 

Mýanmada geçirlen protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleriniň ot açandygy sebäpli 1 adam ýogaldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň görkezýän garşylyklaryna garamazdan ýurtda harby agdarlyşyga garşy durýanlaryň protestleri dowam edýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habarlarynda, Mandalaý şäherindäki proteslerde ýoldan geçip barýan 1 adama esgerleriň ot açandygy nygtaldy.

20 ýaşyndaky ýetginjegiň protestçylara howpsyzlyk güýçleriniň gelýändigini habar bermek üçin elini galgadan mahaly atylandygy bellenildi.

Şäherde howpsyzlyk güýçleriniň bir protestçyny tussag etmek üçin giren öýüni talandygy ýatladyldy.

Beýleki tarapdan Nepido we Ýangon şäherleri bilen birlikde ýurduň çar tarapynda agdarlyşyga garşy protestler dowam etdi.

Ýangon şäherinde bir ýere jemlenşen on müňlerçe adam harby agdarlyşyga garşy şygarlar aýtdy we howpsyzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagyny näletledi.



Degişli Habarlar