Owganystanda Guralan Ýaragly Hüjümde 7 Işçi Ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady

1595118
Owganystanda Guralan Ýaragly Hüjümde 7 Işçi Ýogaldy

 

Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynda fabrige guralan ýaragly hüjümde 7 işçi ýogaldy.

Içeri işler müdüri Juma Gül Himmeti, Surhrod etrabynda ýerleşýän fabrige şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan ýaragly hüjümiň guralandygyny aýtdy.

Himmeti hüjümde 7 işçiniň ýogalandygyny belledi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady, emma hüjümiň terror guramalary tarapyndan guralandygy nygtalýar.

Ýurtda soňky döwürde guralan ýaragly hüjümler artmaga başlady.

Şu gün irden Nangarharyň merkezi Jelalabad şaherinde döwlet keselhanasynda işleýän zenan lukman ýaragly hüjüme sezewar boldy.

 Lukmanyň guralan bombaly hüjümde ýogalandygy habar berildi.



Degişli Habarlar