“ABŞ Russiýa Sanksiýa Goýan Halatynda Degişli Jogaby Bereris”

Lawrow Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy.

1593670
“ABŞ Russiýa Sanksiýa Goýan Halatynda Degişli Jogaby Bereris”

 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ABŞ, rus oppozisioner Alekseý Nawalniýyň azatlykan mahrum edilendigi sebäpli ýurduna sanksiýa goýan halatynda degişli jogabyň beriljekdigini aýtdy.

Lawrow paýtagt Moskwada Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Lawrow, rus oppozisioner Alekseý Nawalniýyň azatlykan mahrum edilendigi sebäpli ABŞ ýurduna sanksiýa goýan halatynda degişli jogabyň beriljekdigini belledi.

Lawrow, ABŞ-nyň ýurduna garşy bir taraply ýagdaýda sanksiýa goýandygyny belledi.

Lawrow “Amerikaly kärdeşlerimiz we olardan görelde alýan ÝB, hemişe sebäpsiz sanksiýa goýýar” diýdi.

Lawrow “ABŞ Russiýa sanksiýa goýan halatynda degişli jogaby bereris” diýdi.

Sergeý Lawrow, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy Russiýada öndürlen “Sputnik W” sanjymynyň Özbegistanda gysga wagtda öndürilmäge başlanmagynyň möhümdigini belledi.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow hem ýurdunda Orta we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi maksady bilen iýul aýynda konferensiýa geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Kamilow, konfereniýa Owganystanyň hem gatnaşmagyny umyt edýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar