Ýerewanda, Hökümetiň we Oppozisionerleriň Tarapdarlary Şol Bir Wagtda Mitingler Geçirdi

“Täze ulgam, Ermenistanyň durnuklylygyny kepillendirer we geljekde syýasy krizisleriň ýüze çykmagynyň öňüni alar”

1593128
Ýerewanda, Hökümetiň we Oppozisionerleriň Tarapdarlary Şol Bir Wagtda Mitingler Geçirdi

Ermenistanda goşunyň wezipesinden çekilmegi üçin beren çagyryşyndan soň Premýer ministr Nikol Paşinýan parlamentar ulgamdan ýarym prezident dolanşygy ulgamyna geçmegi meýilleşdirýändiklerini nygtap “Oktaýbr aýynda etaby başladyp bileris” diýdi.

Paýtagt Ýerewanda, hökümetiň we oppozisionerleriň tarapdarlary şol bir wagtda mitingler geçirdi.

Premýer ministr Nikol Paşinýan, Ýerewandaky Respublika meýdanynda tarapdarlary bilen duşupdy.

Hökümetiň wezipesinden çekilmegini talap eden oppozisionerler bolsa Mareşal Bagramýan köçesinde bir ýere jemlenişdi.

Paşinýanyň we oppozisionerleriň şol bir wagtda geçiren mitinglerine müňlerçe adam gatnaşdy.

Premýer ministr Paşinýan Respublika meýdanynda eden çykyşynda, parlamentar ulgamdan ýarym prezident dolanşygy ulgamyna geçmegi meýilleşdirýändiklerini nygtap “Oktaýbr aýynda etaby başladyp bileris” diýdi.

Ilkinji nobatda ähli halk sese goýulşygyny geçirmegi meýilleşdirýändigini aýdan Paşinýan “Täze ulgam, Ermenistanyň durnuklylygyny kepillendirer we geljekde syýasy krizisleriň ýüze çykmagynyň öňüni alar” diýdi.

Paşinýan, Baş ştabyň başlygy Onik Gasparýanyň ýokary çinli serkerdeler bilen birlikde özüniň wezipesinden çekilmegini talap edendigini ýatladyp “Baş ştabyň başlygy şol jarnamasy bilen kanunlary basgylady we ol wezipesinden çekilmeli” diýdi.

Ermenistanyň ozalky Prezidenti Armen Sarkisýanyň hem goşuny özüne garşy öjükdirendigini aýdan Paşinýan “Baş ştabyň jarnamasy ozalky ýolbaşçylaryň we esasan Sarkisýanyň täsiri netijesinde çap edildi” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Prezident Serž Sarkisýan bilen Premýer ministr Paşinýanyň duşuşandygy habar berildi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, duşuşykda ýurtdaky soňky syýasy wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Ermenistanyň Baş ştabyň başlygy Onik Gasparýan ýokary çinli serkerdeler bilen birlikde Premýer ministr Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi üçin çagyryş beripdi.

Premýer ministr Paşinýan serkerdeleriň çagyryşyny “agdarlyşyk synanşygy” hökmünde häsiýetlendirip, Baş ştabyň başlygyny wezipesinden boşadandygyny mälim edipdi.

Emma Prezident Serž Sarkisýan, Paşinýanyn Gasparýany wezipesinden boşadandygy hakyndaky kararnamasyny ret edipdi.

Premýer ministr Paşinýan şol kararnamany ýaňadandan Prezidentiň tassyklamagyna hödürledi.



Degişli Habarlar