Rus Sanjymy Wirusyn Başga Görnüşleri Üçin Hem Peýdaly

Bu barasynda Prezident Putiniň beýanammasynda aýdylýar

1592862
Rus Sanjymy Wirusyn Başga Görnüşleri Üçin Hem Peýdaly

Russiýanyň Prezident Wladimir Putin ýurdunda öndürilen kowid sanjymlarynyň wirusyň mutasiýa sebäpli ýüze çykan täze görnüşlerine garşy hem netijelidigini beýan etdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy: “Synaglar bize sanjymlarymyzyn täze görnüşlere garşy hem netijelidigini görkezýär” diýdi.

Russiýada Kowid-19-a garşy ýaýbaňlandyrylan sanjymlama maksatnamasy ýanwar aýyndan bäri dowam edýär.

Howply toparlara berilen sanjymlanma ýeňilliginiň gutarmagyndan soň häzirki wagtda isleýän raýatlar kesgitlenen klinikalarda tölegsiz sanjym etdirip bilýär.

Sanjym maksatnamasynda esasan ýurduň bellige alynan ilkinji sanjymy bolan Sputnik W ulanylýar.

Üstümizdäki aýyň dowamynda maksatnama “Epiwakkorona” we “Kowiwak” atly rus Kowid-19 sanjymlary hem degişli ediler.



Degişli Habarlar