Hytaý: Harby kuwwadymyz hiç bir ýurt üçin howp däldir

Hytaý, özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny we galkynyşyny goramak maksady bilen milli goranyşyny we goşunyny güýçlendirýändigini habar berdi

1592982
Hytaý: Harby kuwwadymyz hiç bir ýurt üçin howp däldir

Hytaýyň Goranmak ministrligi, milli goranyşyny we ýaragly güýçlerini güýçlendirmeginiň başga bir ýurt üçin howp emele getirmeýändigini beýan etdi. 

Şinhua habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Hytaýyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Wu Çian, Hytaýyň goranyş syýasatyny üýtgedendigi we ýaragly güýçlerini güýçlendirýändigi bilen bagly öňe sürmelere jogap berdi. 

Wu Çian, Hytaýyň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny we galkynyşyny goramak maksady bilen milli goranyşyny we goşunyny güýçlendirýändigini habar berdi. 

Bu ýagdaýyň hiç bir ýurdy nyşana almaýandygyny ýa-da hiç bir ýurt üçin howp emele getirmeýändigini aýdan Wu, Hytaýyň parahatçylykly galkynyşa baglydygyny, daşary syýasat we medeni däpler tarapyndan kesgitlenen goranyş maksatly syýasatyna berk baglydygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar