Blinken, Husilere Hüjümlerini Bes Etmegi Üçin Çagyryş Berdi

Blinken, “Ýemen üçin halkara ynsanperwer kömegi” maslahatyna gatnaşdy

1593272
Blinken, Husilere Hüjümlerini Bes Etmegi Üçin Çagyryş Berdi

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Eýran tarapyndan goldanýan Husilere, Saud Arabystanyna guraýan roketa hüjümlerini we Ýemendäki hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berdi.

Blinken, BMG tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen “Ýemen üçin halkara ynsanperwer kömegi” maslahatyna gatnaşdy.

Saud Arabystanynyň we Ýemeniň hökümetiniň söweşiň bes edilmegi üçin tagalla edýändigini aýdan Blinken “Husilere ýurduň içinde we serhetaşa guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berýäris. BMG-nyň Ýemen boýunça ýörite wekili Martin Griffitsiň hüjümleriň bes edilmegi, halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we parahatçylyk gepleşikleriniň ýaňadandan başlamagy üçin edýän tagallalaryna goldaw berýäris”diýdi.

Blinken, ähli taraplara asuda ilata garşy guralýan hüjümleriň bes edilmegi we Husileriň esasan Ýemeniň Marib welaýatyna guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin çagyryş berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Şwesiýa we Şweýsariýa tarapyndan guralan we Ýemene 4 millard dollara golaý ýardam berilmegini maksat edinýän maslahatda ABŞ-nyň Ýemene 191 million dollarlyk ýardam berjekdigini aýtdy.

ABŞ ynsanperwer kömeginiň Ýemene getirilmegi üçin Husileri 12-nji ýanwarda terrordan sanawyndan çykarypdy.

Husiler şol günden bäri Saud Arabystanyna birnäçe gezek hüjüm gurapdy.



Degişli Habarlar