Baýden Bilen Obrador Özara Gatnaşyklar Hakynda Pikir Alyşdy

“Meksikany günorta serhedindäki haýsydyr bir ýurt däl eýsem deň derejeli ýurt hökmünde görýäris”

1593176
Baýden Bilen Obrador Özara Gatnaşyklar Hakynda Pikir Alyşdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Meksikany günorta serhedindäki haýsydyr bir ýurt däl eýsem deň derejeli ýurt hökmünde görýändigini aýtdy.

Prezident Baýden, Meksikanyň Prezidenti Andres Manuel Lopez Obrador bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdi.

Iki lider özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Meksika bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigine ünsi çeken Baýden “Meksikany günorta serhedindäki haýsydyr bir ýurt däl eýsem deň derejeli ýurt hökmünde görýäris” diýip belledi.

Wise-prezidentligi döwründe Latyn Amerika guran 16 saparynyň 4-i Meksika gurandygyny ýatladan Baýden, Meksikanyň halky we gurluşygy hakynda ýeterlik maglumata eýedigini belledi.

Baýden “ABŞ bilen Meksika birlikde hereket eden halatynda has güýçi bolar. Biz ýakyn goňşuçylyk gatnaşyklaryny edýän ýurtlar däldik emma birlikde hereket etsek has arkaýyn bolarys” diýdi.


Etiketkalar: #Meksika , #Jo Baýden , #ABŞ

Degişli Habarlar