Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Prezident Erdogany dogulan güni bilen gutlady
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany dogulan güni bilen gutlady
1591356

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Twitterden türk dilinde beren beýanatynda, Türkiýäniň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini goldamagyny takdyr edýändigini habar berdi.
Türkiýä guran saparyny hoşallyk bilen ýatlaýandygyny we iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin Ýokary derejeli strategik geňeşiniň 9-njy maslahatyna garaşýandygyny aýdan Wladimir Zelenskiý: "Ýakyn dostym we hyzmatdaşym Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň dogulan güni gutly bolsun" diýip belledi.
Degişli Habarlar
Putin Kowid-19 sanjymynyň 2-nji dozasyny etdirdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, koronawirus sanjymynyň 2-nji dozasyny etdirdi