Owganystanyň Hyrat welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Hyrat welaýatynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 6 goragçy ýogaldy

1590805
Owganystanyň Hyrat welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Hyrat welaýatynyň häkimi Saýed Wahid Katali metbugata beren beýanatynda, hüjümçileriň bomba ýüklenen ulag bilen, welaýatyň Kohsan etrabynyň Kuddus Abad obasynda ýerleşýän birikmäni nyşana alandygyny mälim etdi. 

Hyrat Döwlet hassahanasynyň Baş lukmany hüjümde 6 adamyň ýogalandygyny, 4 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Hyrat , #Owganystan

Degişli Habarlar